Türkiýe Ýewropa Parlamentine berk reaksiýa görkezdi

“Teksti kabul edenlere ünsli çemeleşemizok”

237522
Türkiýe Ýewropa Parlamentine berk reaksiýa görkezdi

Ýewropa Parlamentiniň 1915-nji ýyldaky wakalar bilen bagly ermeni tezislerini goldaýan we Türkiýäni ermeni tezislerini ykrar etmäge çagyrýan karar taslamasyny sesleriň köplügi bilen kabul etmegine Türkiýe dessine reaksiýa bildirdi:
Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda Türkiýe-ÝB gatnaşyklaryny bökdemegi bilen tanalýan Ýewropa Parlamentiniň taryhy ýaňadandan ýazmaga höweslenendigi nygtaldy.
“Şol höwes ermenileriň türklere garşy propogandasynyň lenç edilen aňlatmalaryny nokatma-nokat gaýtalaýan, 1915-nji ýylyň 15-nji aprelinde gülkünç karar bilen netijelendi” diýilýän beýanatda,
“Ýewropa Parlamenti kabul eden karary bilen, bir wagtlar halkara hukugyna bap gelmeýän we ygtyýarynyň çäginden çykyp goýberen ýalňyşlygyny ýene-de bir gezek gaýtalady. Taryha we hukuga äsgermezçilik edýän şol teksti kabul edenlere ünsli çemeleşemizok” diýilýär.
Daşary işler ministrliginiň beýanatynda: “Ähli tarapdan seýrek gabat gelýän “durnuksyz” bolan şol teksti, degişli gurama geljekde ýatlamak islemejek namalaryň hataryndaky ornuny almak üçin bolşy ýaly yzyna gaýtarýarys” diýilýär.
Ýewropa Parlamentiniň başlangyç ýörelgelerine üns çekilýän beýanatda, karara goldaw beren syýasatçylara, ýigrenç, kitüwlilik we çaknyşyk medeniýeti bilen beslenýänler bilen edýän hyzmatdaşlygynda üstünlik arzuw edilýär.
Ýewropa Parlamentinin selektiw we bir taraply çemeleşmesiniň Türkiýäniň ÝB bilen bolan gatnaşyklaryna zeper ýetirýändigine üns çekilýän beýanatda, onuň Türkiýe bilen Ermenistanyň arasyndaky meselä çözgüt tapmakdan daşdadygy nygtalýar.
Kararyň diňe bir meseläni bilmezlik we sowatsyzlyk bilen düşündirilip bilinmejekdigi, arkasynda dini we medeni fanatizm bilen äsgermezçiligiň durýandygy barasynda aýdylýan beýanat, “Ýewropa Parlamenti Ýewropa halklarynyň arasynda umumy geljegiň gurulmagyna goşant goşmak isleýän bolsa, onuň tapawutly dinlere uýýanlary we medeniýetleri çetleşdirmek arkaly durmuşa geçirilmeginiň mümkin däldigini ýatdan çykarmaly däl” diýilýär.
Beýanatda 1915-nji ýyldaky wakalar barasynda Türkiýäniň soňky ýyllarda borjuny artykmajy bilen berjaý edendigini görkezendigi, Ermenistanyň hem gysga möhletde şeýle kämillik derejesine ýetmeginiň tama edilýändigi nygtalýar.
Daşary işler ministrliginiň beýanatynda Ýewropa Parlamentiniň agzalarynyň 1915-nji ýyldaky meseleler bilen gyzyklanmazdan ozal öz taryhlary bilen ýüzleşmeginiň ýerlikli boljakdygyna üns çekilýär.
Türkiýäniň ÝB ministri Wolkan Bozkyr hem kararyň Türkiýe we türk milleti üçin ýok hökmündedigini aýtdy.
“Ýewropa Parlamenti hukuklary kemsitmek arkaly 1-nji Jahan urşunda türkleriň we musulmanlaryň başdan geçiren zulmuny görmediksiredi” diýen ministr Bozkyr, Parlamentleriň borjunyň taryh ýazmaklyk däl, eýsem hakykata laýyk we düýpli çözgütler tapmaklykdygyny nygtady.
Wolkan Bozkyr Ýewropa Parlamentiniň şol karary bilen taryhy syýasat üçin ulanandygyny nygtap, “1915-nji ýyldaky wakalary genosid hökmünde häsýetlendirmek töhmetden başga zat däl” diýdi.
Wise-premýer Ýalçyn Akdogan bolsa reaksiýasyny sosial media arkaly görkezip; “Ýewropa Parlamenti hiç hili gymmaty bolmadyk karary bilen sözüniň agramyny ýok edýär. Dellallyk bilen çynlakaý meseleler seljerilmez. Ýewropa Parlamentiniň gaýrady, güýji we gözýetimi bar bolsa taryhy toslamalary bir gyra goýsun, häzirki wagtda başdan geçirilýän meselelere çynlakaý çemeleşsin” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar