Türkiýe Müsürde 14 adama ölüm jezasynyň berilmegini ýazgardy

Beýanatda şuňa meňzeş kararlaryň Müsüriň durnuklylygyna we asudalygyna goşant goşmajakdygy nygtaldy

234269
Türkiýe Müsürde 14 adama ölüm jezasynyň berilmegini ýazgardy

Türkiýe Müsürde agdarlyşyga garşy tutum alyp barýan 14 adama ölüm jezasynyň berilmegini we 37 adamyň hem ömür boýy azatlykdan mahrum edilmegini ýazgardy.
Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda “Müsürde 2013-nji ýylyň iýul aýyndan bäri syýasy tussaglylara we soňky gezek hem 14 adama ölüm jezasynyň berilmegini we 37 adamyň hem ömür boýy azatlykdam mahrum edilmegini berk ýazgarýarys” diýildi.
Beýanatda şuňa meňzeş kararlaryň Müsüriň durnuklylygyna we asudalygyna goşant goşmajakdygy nygtaldy.
Müsürde Musulman Doganlar guramasynyň Ýolbelentlik geňeşiniň başlygy Muhammed Bedii bilen guramanyň 13 ýolbaşçysyna ölüm jezasy berildi we 37 adam hem ömür boýy azatlykdan mahrum edildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar