Siriýa geçmek isleýän 10 adam tussag edildi

Gaziantepte bikanun ýollar bilen Siriýa geçmek isleýän daşary ýurtly 10 adam tussag edildi

231108
Siriýa geçmek isleýän 10 adam tussag edildi

Gaziantebiň gubernatory tarapyndan berilen beýanata görä, 6-7-nji aprel aralygynda Siriýadaky çaknyşyk bolýan sebite geçmek isleýän Russiýanyň 5 raýaty, Kosowanyň 2 raýaty, Şweýsariýanyň, Täjigistanyň we Siriýanyň raýatlary jemi 10 adam tussag edildi.

Tussag edilenler deport edilmekleri üçin Gaziantebiň İçeri işler müdürliginiň daşary ýurtlylar bölümine alnyp gidildi.

Şweýsariýanyň raýaty bolan 1 adama terror gurama agza bolmak bilen aýyplanyp derňew işi gozgaldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar