Halas edilen türk raýatlary Stambulda

Ýemendäki içerki çaknyşyklardan soň şol ýurtda ýaşaýan we Deňiz güýçlerine degişli fykrat bilen halas edilen 55 türk raýaty Türkiýä getirildi

226091
Halas edilen türk raýatlary Stambulda

İçerki dartgynlyk we howa operasiýalary sebäpli howpsyzlygy bolmadyk 55 türk raýaty bilen 7 kosowaly Aden portundan ilki Jibuti şäherine getirildi.
Pasport we bilet işleri tamamlanan 55 türk raýaty Türk Howaýollarynyň Mogadişo-Jibuti saparyny ýerine ýetirýän tarifli uçary bilen Türkiýä geldi.
Paýtagat Sanadaky 179 türk raýatynyň hem Türk Howaýollaryna degişli başga bir uçar bilen birnaçe günüň dowamynda Türkiýä getirilmegi meýilleşdirilýär.
Ýemenden türklerden daşgary başga ýurtlaryň raýatlary hem göçürilmäge dowam edilýär.
Ýemenden Jibutä getirilen Müsüriň, Hindistanyň, İrlandiýanyň, Singapuryň we beýleki ýurtlaryň raýatlary ýurtlaryna ugradylýar.
Beýleki tarapdan Aden şäherinde Prezident Abdurabbu Mansur Hadiniň tarapdarlary bilen Husi başbozarlaryň arasyndaky çaknyşyklar ýaňadandan möwjedi.
Saud Arabystanynyň öňbaşçylyk etmegindäki hyzmatdaş güýçleriniň harby uçarlary hem paýtagt Sanada Husi Ansarullah hereketine degişli ýerleri bombalady.
Hüjümlere roketalar bilen garşylyk görkezildi.
Ad-Dali şäherinde-de ýoluň gyrasyna goýulan minanyň ýarylmagy sebäpli 20 Husi başbozary ýogaldy.
BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşiniň agzalary Ýemende dowam edýän çaknyşyklar barada pikir alyşmak üçin Russiýanyň islegine laýyklykda ýapyk maslahat geçirdi.
Russiýa tarapyndan taýarlanan karar taslamasynda Saud Arabystanynyň öňbaşçylyk etmegindäki hyzmatdaş güýçlerinden hüjümlerine ara kesme bermegi we ýurda ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi, Ýemendäki daşary ýurtlylaryň halas edilmeginiň ýola goýulmagy islenilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar