Erdogan Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

270455
Erdogan Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Telefon söhbetdeşliginde liderler iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da berkidilmelidigini nygtady.

Erdogan bilen Putin, Ukrainadaky syýasy krizisiň çözülmegi, çaknyşyklaryň bes edilmegi we Krym tatarlary ýaly meseleler ara alynyp maslahatlaşdy.

Telefon arkaly söhbetdeşlikde Prezident Erdogan 20-nji martda Ukraina resmi sapar gurajakdygyny ýatlatdy we gysgaça 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar hakynda durup geçdi.

Bu babatda Erdogan:"Türkiýe taryha adalatly çemeleşilmegini isleýär. Ermenistan bolsa parahatçylyk we umumy taryh komissiýasyny döretmek baradaky çagyrşymyza gulak asmaýar” diýip belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar