Türkiýe 1 million 600 müň adamy agyz suwy bilen üpjün etdi

Türkiýe Afrikada ýene-de 3 million adamy agyz suwy bilen üpjün etmegi meýilleşdirýär

265834
Türkiýe 1 million 600 müň adamy agyz suwy bilen üpjün etdi

Türk Hyzmatdaşlyk we utgaşyklyk gullugy TİKA bilen Tokaýçylyk we suw işleri ministrligi Afrikada 1 million 600 müň adamy agyz suwy bilen üpjün etdi.
Dünýäniň ilatynyň esasy bölegini özünde jemleýän Afrika materigi gurak klimata eýe.
Gurak sebitleriň eko ulgamynyň we bio köpdürlüliginiň goralmagy, agyr günlerde ýaşaýan ýerli halkyň gün güzeranyny dolandyrmagy we durnuklylygy taýdan diýseň möhüm.
Çölleşmäni hem ýany bilen alyp gelen global klimat çalşygy bilen birlikde ekerançylyk ýerleriniň ýalňyş ulanylmagy eko ulgama uly zeper ýetirýär.
Afrika ähli taraplaýyn kömek berýän Türkiýe suw ýetmezçiligi meselesi bilen hem ýakyndan gyzyklanýar.
Afrikada Burkina Fasoda 76, Nigerde 258,Somalide 25, Malide 36 we Moritaniýada 57 guýy açan Türkiýe 1 million 600 müň adamy agyz suwy bilen üpjün etdi.
Türkiýe 2015-2019-njy ýyllaryň aralygynda hem Afrikada ýene-de 3 million adamy agyz suwy bilen üpjün etmegi meýilleşdirýär.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar