"Ýene-de 50 ýyl garaşyp bilmeris"

Bozkyr Finlandiýanyň Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabyna berýän goldawy sebäpli minnetdarlygyny bildirdi

238721
"Ýene-de 50 ýyl garaşyp bilmeris"

ÝB ministri we Türkiýäniň adyndan ÝB boýunça gepleşikleri alyp baryjy Wolkan Bozkyr Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabynda indi ykdysady taýdan Ýewropa ýurtlarynyň öňünde goýan maksatlaryna ýetmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy.
Resmi sapar bilen Finlandiýa giden Bozkyr saparynyň çäginde “Ýewropada Türkiýe:Kynçylyklara garşy pursatlar” temaly konferensiýa gatnaşdy.
Ministr Bozkyr konferensiýada Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabynda durmuşa geçirlen işler barada maglumat berdi.
Türkiýäniň 50 ýyldan gowrak wagt bäri sabyrly hereket edýändigini aýdan Bozkyr emma ýene-de 50 ýyl garaşyp bilmejekdigini ýatlatdy.
Wolkan Bozkyr Finlandiýanyň Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabyna berýän goldawy sebäpli minnetdarlygyny bildirdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar