Stambulda amatsyz howa şertleri dowam edýär

Amatsyz howa şertleri sebäpli 334 uçar sapary bes edildi

222410
Stambulda amatsyz howa şertleri dowam edýär

Amatsyz howa şertleri sebäpli Türk howa ýollarynyň Atatürk howa menzilindäki 18 we 19 fewralda ýurduň içine we daşary ýurda guraljak 334 uçar sapary bes edildi.

THÝ-nyň resmi internet saýtynda ýolagçylaryň syýahada çykmazdan ozal müdürlikden telefon ýada internet arkaly maglumat alyp biljekdikleri nygtaldy.


Şeýle hem Istambulyň we Bursanyň deňiz awtobuslarynyň hem käbir gatnawlary bes edildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar