Halkara guramalaryna adalatly çemeleşmek çagyryşyny berdi

"Halkara guramalary adalatly jemeleşmeýär"

208192
Halkara guramalaryna adalatly çemeleşmek çagyryşyny berdi

Prezident R. T. Erdogan BMG-nyň başda durmagynda halkara guramalarynyň adalatly jemeleşmeýändigini aýtdy.
BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde weto hukugyna eýe bolan 5 döwletiň adalatly çemeleşmeýändigini aýdan Erdogan “Dünýä bäşden uly. 196 ýurduň geljegine 5 ýurt karar berip bilmez. Muňa hiç kimiň hukugy ýok”diýip belledi.
BMG-da weto hukugyna eýe musulmanlara wekilçilik edýän ýurduň ýokdygyna ünsi çeken Erdogan “Eger şeýle bolsa onda biz dünýäde adalat bar diýip bilmeris” diýdi.
Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň gyrgynçylygyna biperwaý çemeleşeýän BMG-ny tankyt eden Erdogan “350 müň adam öldürildi. 7 million adam öýlerini terk etmäge mejbur boldy. Emma BMG-da 2 ýurt Hytaý bilen Russiýa meseläniň çözülmegini islemeýär” diýdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar