Daşary ýurtly talyplar TRT-de praktika geçýär

Talyplar TRT-niň Baş müdüri Şenol Göka tarapyndan garşylandy

207946
Daşary ýurtly talyplar TRT-de praktika geçýär

Türkiýede ýokary bilim alýan daşary ýurtly talyplar TRT-de praktika geçýär.
Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasy tarapyndan alnyp barylýan taslamanyň çäginde Türkiýede ýokary bilim alýan talyplardan 60 sanysy bir hepdäniň dowamynda TRT-ni ýakyndan tanar.
Talyplar TRT-niň Baş müdüri Şenol Göka tarapyndan garşylandy.
Şenol Göka talyplardan Türkiýe bilen ýakyndan aragatnaşyk saklamaklaryny isledi.
Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasy, bilim almak üçin birnäçe ýurtdan gelen müňlerçe talybyň Türkiýäniň meýletin ilçileri bolmagy üçin tagalla edýär.
Türkiýäniň edaradyr kärhanalarynda 170 ýurtdan 15 müň talyp praktika geçýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar