Dawutogly ykdysadyýetde 2-nji göçüm döwri barada maglumat berdi

Premýer ministr Türkiýäniň indi ýokary tehnalogiýa öndürýän ýurt ýagdaýyna gelmelidigini belledi

206235
Dawutogly ykdysadyýetde 2-nji göçüm döwri barada maglumat berdi

Premýer ministr Dawutogly Denizli welaýatynda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen duşuşdy.
Telekeçilere ýüzlenip çykyş eden Dawutogly “Biz size goldaw bermäge dowam ederis” diýip belledi.
Çykyşynda Türkiýäniň 12 ýylda ykdysady taýdan eden öňe gidişligi barada durup geçen Premýer ministr Dawutogly ykdysadyýetde 2-nji göçüm döwründe durmuşa geçiriljek işler barada maglumat berdi.
Ahmet Dawutogly Türkiýäniň ýokary tehnalogiýa öndürýän ýurt bolmagy üçin döwletiň işewür adamlaryna ähli taraplaýyn goldaw berjekdigini belledi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar