Türkiýe ýadro bekedi boýunça Fransiýa bilen hyzmatdaşlyk eder

Türkiýe Sinop ýadro bekediniň gurluşygy üçin Fransiýa bilen hyzmatdaşlygy artdyrmak barada karar kabul etdi

191066
Türkiýe ýadro bekedi boýunça Fransiýa bilen hyzmatdaşlyk eder

Fransiýanyň Türkiýedäki Baş ilçisi Lauren Bili Sinopda guruljak ýadro bekediniň iki ýurt üçin strategik ähmiýetli taslamadygyny aýtdy.
Türkiýe Mersin welaýatynyň Akkuýu etrabynda we Sinop welaýatynda guruljak ýadro beketleri bilen güýjüne güýç goşmak isleýär.
Mersin welaýatynda guruljak Akkuýu bekedi üçin Russiýa bilen ylalaşan Türkiýe, Sinop welaýatynda guruljak beket üçin 2013-nji ýylda Ýaponiýa we Fransiýa bilen şertnama baglaşypdy.
Lauren Biliniň beýan etmegine görä iki ýurduň arasyndaky bu hyzmatdaşlyk ÝB-ne agzalyk etabynda energetika boýunça barlag-seljeriş ugry açylmadyk Türkiýäniň pozisiýasyny güýçlendirer.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar