YHG-nyň konferensiýasy Stambulda geçirilýär

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Bileleşiginiň 10-njy konferensiýasy Stambulda geçirilýär

188084
YHG-nyň konferensiýasy Stambulda geçirilýär

Konferensiýa Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Jemil Çiçegiň açylyl çykyşy bilen öz işine başlady.
Çykyşynda Parižde guralan terrorçylykly hüjümi ýazgaran Jemil Çiçek, terrora garşy dünýäde iki ýüzli çemeleşmäniň alnyp barylmazlygyny isledi.
Jemil Çiçek “Parižde guralan terrorçylykly hüjüme görkezilen garşylyk ýaly Nigerýada, Pakistanda, Yrakda, Siriýada, Ýemende, Liwanda we beýleki ýurtlarda guralan terrorçylykly hüjümlere garşylyk görkezilmeýän bolsa onda bu ýerde bir kemçiligiň bardygyny görmelidiris. Biz Türkiýe hökmünde PKK terror guramasynyň başda durmagynda halkara jemgyýetçiliginiň iki ýüzli çemeleşendigini gördik. Terrorçylaryň atlary, ulanan simwollary we çykyşlary sebäpli haýsydyr bir diniň agzalary aýyplanyp bilinmez. Parižde guralan hüjümlerden soň musulmanlara atylan töhmetler kabul edilip bilinmez. Töhmetler ne terrorçylyga garşy göreşe ne-de parahatçylygyň ýola goýulmagyna goşant goşar”diýip belledi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar