Premýer ministr Ahmet Dawutogly Brýussele gider

Sapar Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabyna goldaw berýändiginiň görkezijisi hökmünde analiz edilýär

184708
 Premýer ministr Ahmet Dawutogly Brýussele gider

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Fransiýadan we Germaniýadan soň Ýewropa Bileleşiginiň paýtagty paýtagty Brýussele gider.
Guraljak ýokary derejeli sapar Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabyna goldaw berýändiginiň görkezijisi hökmünde analiz edilýär.
Premýer ministr Ahmet Dawutogly saparynyň çäginde Ýewropa Geňeşiniň başlygy Donald Tusk, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Žan Klod Ýunker we ÝB-niň daşary gatnaşyklardan we howpsyzlykdan jogapkär ýokary wekili Federika Mogerini bilen duşuşar.
Dawutogly Brýusselde geçirjek resmi gepleşiklerinden soň Belgiýadaky türk jemgyýetiniň wekilleri bilen hem duşuşar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar