Mahmud Abbas Ahmet Dawutogly bilen duşuşdy

Türkiýe Palestinanyň halkyna we Palestinanyň milli jebislik hökümetine goldaw bermäge dowam eder

184403
Mahmud Abbas Ahmet Dawutogly bilen duşuşdy

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas Türkiýä guran 2 günlük resmi saparynyň çäginde Premýer ministr Ahmet Dawutogly bilen duşuşdy.
Duşuşyk 1,5 sagat dowam etdi.
Duşuşykda Türkiýäniň Palestinanyň halkyna we Palestinanyň milli jebislik hökümetine berýän goldawynyň dowam etjekdigi nygtaldy.
Premýer ministr Dawutogly bilen Palestinanyň lideri Mahmud Abbas Parižde guralan terrorçylykly hüjüm barada hem pikir alyşdy.
Dawutogly terrora garşy guralan ýörişe Ysraýylyň Premýer ministri Netanýahunyň gatnaşmagynyň ýerlikli bolmandygyny belledi.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar