Prezident Erdogan Nigerýa duýgudaşlyk bildirdi

Erdogan hyýanatçylykly hüjümi berk ýazgardy

182022
Prezident Erdogan Nigerýa duýgudaşlyk bildirdi

Prezident R. T. Erdogan Nigerýanyň Borno welaýatynda köp sanly adamyň ýogalmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjüm sebäpli Nigerýanyň Prezident Goodluk Ebele Jonatana duýgudaşlyk bildirdi.
Nigerýaly kärdeşine telefon eden Prezident Erdogan hyýanatçylykly hüjümi berk ýazgardy we hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna we Nigerýanyň halkyna duýgudaşlyk bildirdi.
Prezident Erdogana Jonatana Türkiýäniň terrorçylyga garşy göreşde ähli taraplaýyn goldaw bermäge taýardygyny belledi.
İki lider telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar barada hem pikir alyşdy.
Nigerýanyň Prezidenti Jonatan Prezident Erdogana minnetdarlyk bildirdi we terrorçylyga garşy göreşde hyzmatdaşlyk etmekden hoşal boljakdyklaryny aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar