Abbas resmi dabara bilen garşylandy

Abbasyň resmi sapary iki gün dowam eder

182547
Abbas resmi dabara bilen garşylandy

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas Prezident R. T. Erdoganyň myhmany hökmünde Türkiýä geldi
Mahmud Abbasyň resmi sapary iki gün dowam eder.
Abbas Prezident R. T. Erdogan tarapyndan Prezident köşgünde resmi dabara bilen garşylandy
Saparyň çäginde Gündogar İerusalymda başdan geçirlen dartgynlyk, Gazadaky soňky ýagdaý, Hamas bilen Al Fetihiň arasynda milli jebislik hökümetiniň gurulmagyndan soňky ýagdaýlar we Türkiýäniň Palestina berilýän ynsanperwer kömegi ýaly meseleler seljerler.
Saparyň çäginde şeýle hem 2014-nji ýylyn ortasynda Ysraýylyň guran hüjümlerinde Gazada 2 müňden gowrak adam ýogalypdy we howa hüjümlerinde hatardan çykaran infstruktura ulgamynyň ýaňadandan dikeldilmegi üçin Türkiýäniň berýän goldawy meselesi hem gün tertibine getirler.
Türkiýe şol çäkde 2015-nji ýylda Gazanyň galkynyşy üçin 200 milliard dollar sarp eder.
Prezident R. T. Erdogan özara we toparara gepleşiklerden soň Mahmud Abbasyň hormatyna resmi agşam naharyny berer.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar