Babajan: "Nebitiň nyrhynyň aşak bolmagy Türkiýe üçin bähbitli"

Wise-premýer Ali Babajan Türkiýäniň G-20-ä girýän ýurtlaryň arasynda konstruktiw özgertmeler boýunça iň giňgerimli maksatnama eýedigini aýtdy

175962
Babajan: "Nebitiň nyrhynyň aşak bolmagy Türkiýe üçin bähbitli"

Baş ilçileriň 7-nji maslahatyna gatnaşan Ali Babajan täze ykdysady özgertmeleriň durmuşa geçiriljekdigini duýdurdy.
Babajan ykdysady ösüşiň yzgiderlili taýdan özgertmeleriň edilmelidigini aýtdy.
Nebitiň nyrhynyň ýene-de birnäçe ýyl pes dowam etjekdiginiň çaklanylýandygyny nygtan Babajan, onuň Türkiýe üçin bähbitlidigine ünsi çekdi.
Nebitiň nyrhynyň aşak bolmagynyň Türkiýedäki nagt ýetmezçiligi basyşyny azaltjakdygyny aýdan Ali Babajan, emma muňa garamazdan arkaýynlaşman ykdysadyýetiň dogry gönükdirilmelidigini aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar