Tanžu Bilgijiň Türkiýe-Müsür gatnaşyklary baradaky beýanaty

Kataryň Müsür bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak ugrundaky başlangyçlaryndan soň ünsler sebite gönükdi…

158590
Tanžu Bilgijiň Türkiýe-Müsür gatnaşyklary baradaky beýanaty

Türkiýe bolsa adam hukuklaryna sarpa goýmaklyga esaslanýan syýasatynda ygrarly.
Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Tanžu Bilgiç “Müsür giňgerimli, deňlige esaslanýan syýasat alyp baran halatynda özara gatnaşyklarymyzy seljereris” diýdi.
Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Bilgiç hepdelik metbugat ýygnagynda žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.
Tanžu Bilgiç Müsür-Katar gatnaşyklary baradaky soraga üçünji ýurtlaryň gatnaşyklary barada garaýyş beýan etmejekdigini nygtap, Türkiýäniň çemeleşmesiniň üýtgemändigini aýtdy.
Bilgiç Türkiýäniň çemeleşmesiniň ýörelgelidigini nygtady we “Müsür giňgerimli, deňlige esaslanýan, adam hukuklaryna sarpaly syýasat alyp baran halatynda özara gatnaşyklarymyzy seljereris” diýdi.
Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Bilgiç Kataryň Emirinin Türkiýä guran saparynyň dowamynda Müsür bilen Türkiýäniň arasynda töwellaçylyk teklibiniň hödürlenendigi baradaky habarlaryň hakykaty beýan etmeýändigini aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar