Türkiýe Palestinaly ministriň öldürilmegini berk ýazgardy
Abu Aýnyň Günbatar Şeriada ysraýylly esgerleriň hüjümi sebäpli ýogalmagy ýazgaryldy
Türkiýe Palestinaly ministriň öldürilmegini berk ýazgardy.
Daşary işler ministrligi Palestinanyň Ýehudi ýaşaýyş ýerlerine we aýraçylyk diwaryna garşy göreşden jogapkär ministri Ziad Abu Aýnyň Günbatar Şeriada ysraýylly esgerleriň hüjümi sebäpli ýogalmagyny berk ýazgardy.
Mesele barasynda berlen beýanatda “Ysraýyly esgeleriň erbet daramagy sebäpli başdan geçirlen wakalar sebäpli Ysraýyly berk ýazgarys we wakanyň garaşsyz komissiýa tarapyndan derňelmegine garaşýarys” diýildi.
Beýanatda başdan geçirlen wakalaryň Ysraýylyň Palestinanyň territoriasynda dowam edýän basyp alyşlygynyň netijesidigine üns çekildi we Palestinanyň halkynyň esasy hak-hukuklarynyň we azatlyklarynyň basgylanýandygy ýatladyldy.
Degişli Habarlar
“Men Hamasy Terror Guramasy Hökmünde Görmeýärin”
Erdogan bilen Mikotakis özara we toparara duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.