Çözgüt etaby boýunça mejlis

Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen mejlisde “Çözgüt etaby” barada pikir alyşyldy

139268
Çözgüt etaby boýunça mejlis

Premýer ministrligiň resmi kabulhanasynda geçirilen mejlis 5 sagada golaý dowam etdi.
Mejlisde terrorçylygyň ortadan aýrylmagy üçin durmuşa geçirilýän çözgüt etabynda ýetilen soňky sepgit we durmuşa geçiriljek işlere garaldy.
Mejlise Wise-premýerler Bülent Arynç, Ýalçyn Akdogan we Numan Kurtulmul bilen daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, içeri işler ministri Efkan Ala, milli goranmak ministri İsmet Ýylmaz, premýer ministrliginiň geňeşçisi Kemal Madenogly, milli howpsyzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidan, döwlet ulgamy we howpsyzlygy geňeşiniň başlygy Muhammed Derwişogly, premýer ministrligiň baş geňeşçisi Hatem Ete bilen Adalat we ösüş partiýasynyň mejlis toparynyň başlygynyň orunbasary Mahir Ünal gatnaşdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar