Papa saparynyň ikinji gününde Stambula bardy

Papa Stambulda ilki Soltanahmet metjidine baryp gördi

209478
Papa saparynyň ikinji gününde Stambula bardy

Papa Türkiýä guraýan saparynyň ikinji gününde Stambula bardy.
Katolikleriň ruhany lideri Papa Stambulda ilki Soltanahmet metjidine baryp gördi.
Papa soň bolsa Aýasofiýa muzeýine bardy.
Papa Fransis Harby etrabyndaky Watikanyň wekilhanasynda dynç alandan soň Keramatly ruh buthanasynda geçiriljek dini dabarany gönükdirer.
Dini dabara Fener grek patrigi Bartolomeos hem gatnaşar.
Papanyň soňky duralgasy bolan Fener grek patrikhanasy bolar.
Katolik we prowaslaw dünýäsiniň lideri Papa Fransis bilen patrik Bartolomeos ol ýerdäki buthanada şem ýakar we birlikde doga eder.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar