İerusalymdaky Yslam mirasynyň goralmagy meselesi seljerildi

Wise-premýer Kurtulmuş yslam dünýäsiniň Palestina meselesinde ýeterlik derejede tagalla etmeýändigini aýtdy

209445
İerusalymdaky Yslam mirasynyň goralmagy meselesi seljerildi

İerusalymdaky Yslam mirasynyň goralmagy konferensiýasy Stambuldaky Ýyldyz köşgünde geçirildi.
Wise-premýer Numan Kurtulmuş yslam dünýäsiniň Palestina meselesinde ýeterlik derejede tagalla etmeýändigini aýtdy.
Kurtulmuş “1,5 milliard ilata eýe bolan musulman dünýäsi Palestina meselesiniň, Haram metjidiniň, Al Aksa metjidiniň goralmagy meselesinde ol ýerdäki bir gysym Palestinala goldaw bermeýär” diýdi.
“Asla ilkinji kyblamyz bolan Al Aksa metjidinden ýüz öwürip bilmeris” diýen Kurtulmuş Ysraýylyň Mejlisinde sese goýuljak kanun taslamasy barada hem durup geçdi.
Kurtulmuş taslama kanunlaşan halatynda Ysraýylyň 21-nji asyrda taze rassisit ulgamyny gurjakdygyny aýtdy.
Numan Kurtulmuş “Mejlisiň şol taslamany kabul etmezligine garaşýarys” diýdi.
Palestinanyň Wise-premýeri we Medeniýet ministri Ziýad Abu Amr bolsa İerusalymyň zulum astyndadygyna ünsi çekdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar