Türkiýe Ysraýylyń kararyna nägilelik bildirdi
Ysraýylyń Gündogar İerusalymda bikanun täze 78 ýaşaýyş jaýynyń gurulmagy baradaky karary ýazgaryldy
Türkiýe Ysraýylyń Gündogar İerusalymda täze ýaşaýyş jaýlarynyń gurulmagy barada kabul eden kararyna nägilelik bildirdi.
Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen beýanatda Ysraýylyń Gündogar İerusalymda bikanun täze 78 ýaşaýyş jaýynyń gurulmagy baradaky kararynyń berk ýazgarlandygy nygtaldy.
Beýanatda “Ysraýylyń Türkiýäniń we dünýäniń beren duýduryşlaryna we ýazgarmalaryna, halkara hukuk kadalaryna garamazdan bir taraply ýagdaýda kabul eden kararlarynyń taraplaryń arasynda dartgynlygyń möwjemegine sebäp bolýandygy we şuńa meńzeş kararlaryń kabul edilip bilinmejekdigi” bellenildi.
Degişli Habarlar
Hakan Fidan, ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Fidan bilen Blinken Gazada we Ukrainada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.
Ýene-de 12 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Soňky terrorçy ýok edilýänçä terrora garşy egilşiksiz göreş dowam eder”