Prezident Erdogan Afrika ýurtlaryna sapar gurar

Erdogana uly işewür adamlar topary ýolbaşlyk eder

192647
Prezident Erdogan Afrika ýurtlaryna sapar gurar

Prezident R. T. Erdogan Afrika ýurtlaryna sapar gurar.
Saparyna 19-njy noýabrda Alžirden başlajak Erdogana uly işewür adamlar topary ýolbaşlyk eder.
Afrika ýurtlaryna gurajak saparynyň çäginde ilki Alžire barjak Erdogan Alžiriň Prezidenti Abdülaziz Buteflika bilen birlikde Türkiýe-Alžir işewürler maslahatyna gatnaşar.
Prezident Erdoganyň ikinji duralgasy bolsa Ekwador bolar.
Prezident R. T. Erdogan Ekwadorda II-nji Türkiýe-Afrika hyzmatdaşlyk maslahatyna gatnaşar.
Afrika hyzmatdaşlyk syýasatynyň çäginde geçiriljek maslahatda 2015-2018-nji ýyllaryň arasynda durmuşa geçiriljek iş meýilnamasynyň kabul edilmegine garaşylýar.
İş meýilnamasynda oba hojalyk, bilim, saglygy goraýyş, söwda we maýa goýum, energetika we howpsyzlyk meseleleri ýer alýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar