Premýer ministr Awstraliýada

Premýer ministr Ahmet Dawutogly G-20-ä girýän ýurtlaryň ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Awstraliýa bardy

190038
Premýer ministr Awstraliýada

Premýer ministr Dawutogly saparynyň ilkinji gününde “Global ösüş depginini güýçlendirmek: G-20-niň Brisbandaky maslahatynyň synaglary we goşantlary” temaly maslahatyň jemleýji bölüminde çykyş etdi.
Dawutogly çykyşynda ykdysadyýetde global özara garaşlylyga ünsleri çekip “global reaksiýa bolmasa global ykdysady çökgünliklere çäre görlip bilinmez” diýdi.
Ministr Dawutogly geljek ýyl döwürleýin ýolbaşçylygy kabul edip aljak Türkiýäniň ösüp barýan we yzagalak ýurtlaryň ulgama utgaşyklygy meselesini ileri tutjakdygyny aýtdy.
Premýer ministr Dawutogly soň bolsa Braziliýanyň Prezidenti Dilma Russeff we OECD-niň baş sekretary Angel Gurria bilen özara duşuşyklar geçirdi.
Dawutogly Awstraliýanyň Premýer ministri Toni Abbotyn G-20-ä girýän ýurtlaryn liderleriniň maslahatyna gatnaşýan liderler we şol ýurtlardan gelen firmalaryň ýlbaşçylarynyň gatnaşmagyndaky maslahata gatnaşdy.
Dawutogly ol ýerde dünýä liderleri bilen özara duşuşyklaryny dowam etdirer.
Awstraliýadaky türk wekiliýeti bilen utgaşykly maslahatyna gatnaşjak Dawutogly, soň jemgyýetçilik guramalarynyň wekileri bilen duşuşar.
Premýer ministr üstümizdäki aýyň 15-16-sy aralygynda bolsa G-20-niň liderleriniň maslahatyna gatnaşar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar