Jaferi TRT Habar kanalyna beýanat berdi

“Strategik hyzmatdaşlygymyzy we dotlygymyzy dowam etdirmegimiz gerek”

182998
Jaferi TRT Habar kanalyna beýanat berdi

Türkiýede saparda bolýan Yragyň Daşary işler ministri İbrahim Jaferi TRT Habar kanalyna beýanat berdi.
Jaferi “Strategik hyzmatdaşlygymyzy we dotlygymyzy dowam etdirmegimiz gerek” diýip belledi.
Yragyň Daşary işler ministri Jaferi “Şu günden başlap gatnaşyklarymyzda täze sahypa açýarys we täze döwre gadam basýarys” diýdi.
Jaferi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmeginiň sebitiň halky taýdan hem diýseň möhümdigini belledi.
İki ýurt üçin howply hökmünde görülýän YSYS terror guramasyna ünsi çeken Jaferi “Yrakda YSYS howpy dowam edýän bolsa Türkiýe üçin hem howplydyr. Bu howpa garşy birlikde göreşmegiiz gerek” diýdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar