Türkiýe saýlawyň netijelerini ykrar etmeýär

Saýlawlaryň Türkiýe taýdan hiç hili kanuny güýjüniň ýokdygyna üns çekildi

182180
Türkiýe saýlawyň netijelerini ykrar etmeýär


Türkiýe Ukrainada Russiýanyň tarapdarlarynyň gözegçiligi astyndaky Donetsk we Lugansk sebitlerinde 2-nji noýabrda geçirlen saýlawyň netijelerini ykrar etmeýär.
Daşary işler ministrligi tarapyndan mesele barasynda ýazmaça beýanat berildi.
Beýanatda 2-nji noýabrda geçirlen saýlawlaryň 2014-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Minskde baglaşylan şertnama we Ukraianyň konstitutsiýasyna bap gelmeýändigi sebäpli Türkiýe taýdan hiç hili kanuny güýjüniň ýokdygyna üns çekildi.
Beýanatda “Sebitiň durnuklylygyna howp salýan krizisiň çözülmegi üçin taraplary Minsk jarnamasyna laýyklykda hereket etmäge çagyrýarys” diýildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar