Baş ştab Premýer ministr Ahmet Dawutoglyna brifing berdi

Premýer ministr Ahmet Dawutogly düýn Baş ştaba bardy

181957
Baş ştab Premýer ministr Ahmet Dawutoglyna brifing berdi

Premýer ministr Ahmet Dawutogly düýn Baş ştaba bardy.
Premýer ministr Dawutogly ilki Baş ştabyň başlygy goşun generaly Nejdet Özel bilen iki çäk duşuşyk geçirdi.
Duşuşykdan soň goşun generaly Nejdet Özel we güýç serkerdeleri Premýer ministr Dawutoglyna Türkiýäniň ýaragly güýçleri we durmuşa geçirýän taslamalary barada maglumat berdi.
Ahmet Dawutogly soň bolsa köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beýanat berdi.
Dawutogly Ýaragly güýçleriniň ähli howplaryň hötdesinden gelmegi üçin has güýçli bolmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi.
Premýer ministr Dawutogly Siriýanyň hökümeti tarapyndan Halap şäherine guralýan hüjümler sebäpli halkara jemgyýetçiligine duýduryş berdi.
Premýer ministr Halabyň synmagy sebäpli Türkiýä geljek bosgunlaryň sanynyň köpeljekdigini nygtady we halkara jemgyýetçiliginiň Siriýanyň hökümetine garşy berk tutum alyp barmalydygyny aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar