"ABŞ-nyň Yraga beren ýaraglary YSYS-yň eline geçdi"

Erdogan Fransuz halkara gatnaşyklar institutynda çykyş etdi

176857
"ABŞ-nyň Yraga beren ýaraglary YSYS-yň eline geçdi"

Erdogan “ABŞ-nyň Yraga beren ýaraglary dolulygyna YSYS terror guramasynyň eline geçdi” diýdi.
Erdogan şol ýaraglar bilen Yragyň 40 göteriminiň basylyp alynandygyny nygtady.
Prezident R. T. Erdogan Fransuz halkara gatnaşyklar institutynda çykyş etdi.
Siriýanyň hökümetiniň öz halkyndan ýüz müňlerçe adamy öldürmegine dünýäniň biperwaý garaýandygyny aýdan Erdogan muňa garamazdan boşadylan Kobani meselesinde dünýä ýurtlarynyň herekete geçendigine ünsi çekdi.
Erdogan Türkiýäniň Siriýaly 1 million 600 müňden gowrak bosguny kabul edendigini, BMG bilen ÝB-niň bolsa ýeterlik derejede tagalla etmeýändigini aýtdy.
YSYS terror guramasynyň Siriýada we Yrakda ýüze çykandygyny nygtan Erdogan PÝD-niň hem terror guramasydygyna ünsi çekdi we şol gurama ýarag kömeginiň berilmezligini isledi.
Prezident R. T. Erdogan Türkiýe serhedinde başdan geçirilýän kynçylyklaryň çözülmegi üçin uçuşa gadagan sebit bilen ara zolak döredilen halatynda Türkiýäniň hyzmatdaş güýçlerine uly goşant goşjakdygyny nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar