Türkiýe Müsürde guralan hüjümi ýazgardy

"Terrorçylygy berk ýazgarys. Terrory mamla görkezip biljek hiç hili sebäp bolup bilmez”

172013
Türkiýe Müsürde guralan hüjümi ýazgardy

Türkiýe Müsürde guralan hüjümi ýazgardy.
Daşary işler ministrligi Müsüriń Sina ýarymadasynda 24-nji oktýabrda guralan bombaly hüjümi ýazgardy.
Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen beýanatda “Hüjümde müsürli doganlarymyzdan köp sany adamyń ýogalmagyna we ýaralanmagyna gynanç bildirýäris. Hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet, maşgalalaryna duýgudaşlyk we ýaralananlara şypa dileýäris. Terrorçylygy berk ýazgarys. Terrory mamla görkezip biljek hiç hili sebäp bolup bilmez” diýildi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar