"YDYD guramasynyň Yslam dini bilen arabaglanşygy ýok"

Dawutogly YDYD guramasy bilen Yslam dininiň birlikde ulanylmagyna garşylyk görkezdi

143207
"YDYD guramasynyň Yslam dini bilen arabaglanşygy ýok"

Premýer ministr Ahmet Dawutogly “YDYD guramasynyň Yslam dini bilen, Yslamyň hem YDYD guramasy bilen hiç hili arabaglanşygynyň ýokdygyny aýtdy.
YDYD guramasynyň başda durmagynda sebitde başdan geçirilýän wakalar Türkiýäniň gün tertibinde esasy orun eýeleýär.
Yrak we Siriýa bilen bagly ygtyýarnama şu gün Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisine ugradylar.
Samsunda 19-nj maý uniwersitetiniň täze okuw ýylynyň açylyş dabarasyna gatnaşan Dawutogly “Täze Türkiýe garaýşy we uniwersitetler” temasy boýunça ilkinji dersi berdi.
Dawutogly çykyşynda YDYD guramasy bilen Yslam dininiň birlikde ulanylmagyna garşylyk görkezdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar