ÝB zamun alynan türk raýatlarynyň boşadylmagyndan hoşal

Eştyn YDYD guramasy tarapyndan zamun alynan Türkiýäniň Mosuldaky konsullygynyň işgärleriniň boşadylmagyndan hoşaldyklaryny aýtdy

133867
ÝB zamun alynan türk raýatlarynyň boşadylmagyndan hoşal

ÝB zamun alynan türk raýatlarynyň boşadylmagyndan hoşal.
ÝB-niň Daşary gatnaşyklar boýunça ýokary wekili Ketrin Eştyn YDYD guramasy tarapyndan zamun alynan Türkiýäniň Mosuldaky konsullygynyň işgärleriniň boşadylmagyndan hoşaldyklaryny aýtdy.
Eştyn mesele hakynda beren ýazmaça beýanatynda gurama tarapyndan zamun alynan beýleki adamlaryň hem gijä galmazdan boşadylmagyny talap etdi.
Ketrin Eştyn beýanatynda “Halkara hyzmatdaşlygy sebiti YDYD guramasy belasyndan halas etmekde tutanýerlidir. Bu meselede Türkiýe bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek biziň üçin diýseň möhüm” diýip belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar