Palestinaly ýaralylar İzmire getirildi

Harby uçar bilen Türkiýä getirilen palestinaly ýaralylar İzmiriň Adnan Menderes adyndaky howa menziline bardy

131572
Palestinaly ýaralylar İzmire getirildi

Tel-Awiwiň Bin Gurion howa menzilinden harby uçar bilen Türkiýä getirilen 7 sanysy çaga, 4 sanysy zenan 21 palestinaly ýaraly we olara seredýän 20 adam düýn agşam ara İzmiriň Adnan Menderes adyndaky howa menziline bardy.
Ýaralylar İzmiriň gubernatory Mustafa Toprak tarapyndan garşylandy.
Gazadan gelen ýaralylaryň gowy bejerilenden soň ýurtlaryna dolanjakdygyny tama edýändigini aýdan gubernator Toprak “Palestinanyň halkyna, Gazanyň halkyna duýgudaşlyk bildirýäris” diýdi.
Ýaralylar tiz kömek ulaglary bilen İzmirdäki Tepejik tälim we ylmy-barlag hassahanasyna, Alsanjak döwlet hassahanasyna we Atatürk tälim we ylmy-barlag hassahanasyna ýerleşdirildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar