Gyzylhaç komitetiniň başlygy 27 ýyl soň Türkiýä geldi

Halkara Gyzylhaç komitetiniň başlygy Türkiýä geldi

122857
Gyzylhaç komitetiniň başlygy 27 ýyl soň Türkiýä geldi


Halkara Gyzylhaç komitetiniň başlygy 27 ýyl soň Türkiýä geldi.


Türk Ýarym gyzylaý jemgyýetiniň çakylygyna laýyklykda Halkara Gyzylhaç komitetiniň başlygy Türkiýä geldi.


Gyzylhaç komitetiniň başlygy Peter Maurer Türk Ýarym gyzylaý jemgyýetiniň başlygy Lütfi Akar bilen birlikde Gaziantebe gitdi we siriýalylaryň bolýan bosgun düşelgelerine baryp gördi.


Peter Maurer bosgun düşelgesinde berilýän hyzmatlardan hoşaldygyny belledi we Türk Ýarym gyzylaý jemgyýeti bilen edilýän hyzmatdaşlygy güýçlendirmek isleýändiklerini aýtdy.


Meurer “Siriýada, Yrakda we Gazada başdan geçirilýän wakalar hakynda pikir alyşdyk we Türk Ýarym gyzylaý jemgyýetiniň durmuşa geçirýän işleri mende uly täsir galdyrdy” diýdi.


Türk Ýarym gyzylaý jemgyýetiniň başlygy Lütfi Akar hem “Mundan soň birlikde guramaçylykly ýagdaýda işleşeris” diýdi.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar