Premýer ministr dogduk diýary Konýada halka ýüzlenip çykyş etdi

Dawutogly ýurtda durnuklylygyň dowam etjekdigini aýtdy

116542
Premýer ministr dogduk diýary Konýada halka ýüzlenip çykyş etdi

Ahmet Dawutogly Premýer ministrlige saýlanandan soň düýn ilkinji gezek dogduk diýary Konýa welaýatyna baryp, halkyň öňünde çykyş etdi. Premýer ministr milli ygtyýaryň we azatlygyň ähmiýetine ünsi çekdi.
Käbir binalaryň açylyş we düýbüni tutup dabaralaryna gatnaşan Premýer ministr Dawutogly, halkyň dürli gatlaklary bilen aragatnaşygy ýola goýjakdygyny nygtady.
Azatlygyň çäklerini giňeltjekdiklerini bellän Dawutogly “Bu ýurtda mundan beýläk hiç kim ynanjy, egin-eşigi, etniki we dini tapawutlylygy sebäpli kemsidilmez” diýdi.
Saýlawdan son ilkinji işleriniň konstitutsiýanyň tekstini üýtgetmek bolandygyny aýdan Dawutogly, terroryň ortadan aýrylmagy üçin dowam etdirilýän çözgüt etabynyň hem üstünlikli netijelenjekdigini beýan etdi.
Premýer ministr täze Türkiýede haýsydyr bir basyşa ýol berilmejekdigini nygtady.
Dawutogly döwletiň içinde bolup, döwletiň düzgünlerini bejaý etmeýän adamlar we toparlar hökmünde häsýetlendirilýän parallel struktura garşy göreşiň dowam etjekdigini duýdurdy.
Premýer ministr Dawutogly millede beren durnuklylyk sözlerinde durandyklaryny belläp, işewür adamlaryna ýüzlendi: “Sizden dinamizme, tygşytlylyga, maýa goýuma we iş üpjünçiligine garaşýarys” diýdi.
Dawutogly soň bolsa Möwlananyň türbedini zyýarat etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar