Türkiýe Owganystanda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

“Şuňa meňzeş terrorçylykly hüjümler demokratiýa tagallalaryna zeper ýetirip bilmez ”

114573
Türkiýe Owganystanda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiýe Owganystanyň Gazna welaýatynda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy.


Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen beýanatda “Owganystanyň Gazna welaýatynda döwletiň eýeçiligindäki ýerlere guralan 20-ä golaý howpsuzlyk işgäriniň ýogalmagyna we 150 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümi ýazgarýar. Hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet, hossarlaryna duýgudaşlyk we ýaralananlara şypa dileýär” diýildi.


Beýanatda owgan halkynyň terror howpuna garamazdan 2014-nji ýylyň 5-nji aprelinde we 14-nji iýunynda geçirlen prezident saýlawlaryna gatnaşyp, demokratiýa bolan ynanjyny açyk aýdyň görkezendigine üns çekildi.


Beýanatda “Şuňa meňzeş terrorçylykly hüjümler demokratiýa tagallalaryna zeper ýetirip bilmez we Türkiýe bu etapda dogany owgan halkyna goldaw bermäge dowam eder”diýildi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar