Prezident Erdogan maslahatyň çäginde iki çäk gepleşikler geçirdi

Erdogan Rosen Plewneliew, Fransua Olland, Edi Rama, Ražoý we Aliýew bilen ikiçäk gepleşikler geçirdi

114344
Prezident Erdogan maslahatyň çäginde iki çäk gepleşikler geçirdi

NATO-nyň döwlet we hökümet baştutanlarynyň 26-njy maslahaty öz işini dowam etdirýär.


Düýn Gallerde öz işine başlan NATO-nyň maslahatyna gatnaşýan Prezident Erdogan maslahatyň çäginde iki çäk gepleşikler geçirdi.


Maslahat NATO-nyň Baş sekretary Anders Fog Rasmussen bilen Britaniýanyň Premýer ministri Dewid Kameronyň myhmanlaryny garşylamagy bilen başlady.


Garşylama dabarasynda Prezident R. T. Erdogan bilen Kameronyň arasyndaky içgin gürrüňdeşlik ünsleri özüne çekdi.

 

Prezident Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama bilen hem gürrüňdeş boldy.


Erdogan maslahatyň birinji gününde Owganystanda we Ukrainadaky wakalara garalar oturlyşyklara gatnaşdy.


Prezident Erdogan Bolgariýanyň Prezidenti Rosen Plewneliew, Fransiýanyň Prezidenti Fransua Olland, Albaniýanyň Premýer ministri Edi Rama, İspaniýanyň Premýer ministri Maržano Ražoý we Azerbeýjanyň Prezidenti İlham Aliýew bilen ikiçäk gepleşikler geçirdi.


Prezident Erdogan gepleşiklerinde Demirgazyk Afrikada, Ýakyn Gündogarda, Siriýada we Yrakda başdan geçirilýän wakalar hakynda pikir alyşdy.


Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen Milli Goranmak ministri İsmet Ýylmaz hem maslahatyň çäginde kärdeşleri bilen iki çäk duşuşyklar geçirdi.


Duşuşyklarda Yrak Damask Yslam Döwleti guramasyna garşy görüljek çäreler seljerildi

 



Etiketkalar:

Degişli Habarlar