Täze hökümetiň iş meýilnamasy  Mejlisde ara alynyp maslahatlaşylar

Maslahat sagat 14:00-da başlaýar

113408
Täze hökümetiň iş meýilnamasy  Mejlisde ara alynyp maslahatlaşylar

1-nji sentýabrda Premýer ministr Ahmet Dawutogly tarapyndan okalan 62-nji hökümetiň iş meýilnamasy şu gün sagat 14:00-da ara alynyp maslahatlaşylmaga başlanar.

4 syýasy partiýanyň adyndan 40 minut möhletler bilen garaýyşlar beýan ediler.
Respublikan halk partiýasynyň adyndan Hurşit Güneş, Milletçi hereket partiýasynyň adyndan Ýusuf Halaçogly, Adalat we ösüş partiýasynyň adyndan Mustafa Elitaş we Naji Bostanjy, Halklaryň demokratik partiýasynyň adyndan Perwin Buldan we Ertugrul Kürkçi çykyş ederler.
Soň Hökümetiň iş meýilnamasynyň tarapyna we garşysyna çykyş etmek üçin Respublikan halk partiýasyndan hem-de Adalat we ösüş partiýasyndan bir halk deputaty 10 minut möhletler bilen çykyş ederler.
Tankydy belliklera hökümetiň adyndan Wise-premýer Bülent Arynç jogap berer.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar