Çankaýa köşgünde wezipe kabul edişlik dabarasy geçirildi

"Jenap Prezidentiń liderliginde güýçli we durnukly Türkiýäniń dünýäniń we sebitimiziń durnuklylygyna we asudalygyń ýola goýulmagyna uly goşant goşjakdygyna ynanýaryn"

106858
 Çankaýa köşgünde wezipe kabul edişlik dabarasy geçirildi


Abdulla Gül Prezident wezipesini Türkiýe Respublikasynyń 12-nji Prezidentligine saýlanan R. T. Erdogana tabşyrýandygy üçin buýsanýandygyny nygtap “40 ýyldan gowrak wagty bäri dostlugymyz bar” diýdi.
Gül “Jenap Prezidentiń liderliginde güýçli we durnukly Türkiýäniń dünýäniń we sebitimiziń durnuklylygyna we asudalygyń ýola goýulmagyna uly goşant goşjakdygyna ynanýaryn. Türkiýäniń hemişekisinden has güýçli we merbeteli bolmagyna öz bähbitlerimiz taýdan bolşy ýaly sebitiń bähbitleri we durnuklylygy üçin hem uly mätäçligimiz bar”diýip belledi.
Türkiýe Respublikasynyń 12-nji Prezidentligine saýlanan R. T. Erdogan dabarada Türkiýede täze döwrüń başlandygyny aýtdy.
Prezident Erdogan täze döwürde terroryń ortadan aýrylmagy üçin alnyp barylýan çözgüt etaby bilen ÝB-ne agzalyk etabynyń hem depgini gowşatmazdan dowam etjekdigini nygtady.
Prezidentiń halk tarapyndan saýlanmagy bilen milli ygtyýaryń ýeńişini dünýä yglan edendigini aýdan Erdogan “Şu günden başlap Türkiýe ozalky jedelleşikler sebäpli wagt ýitirmezden we bölünşiklere pursat bermezden 2023-nji ýyl üçin öńde goýan maksadyna tarap aýgytly ädimler bilen ýörär” diýdi.
Saýlanan prezidentiń we saýlanan hökümetiń egin egine utgaşykly ýagdaýda ykdysadyýeti has-da ösdürjekdiklerine ünsi çeken Erdogan, demokratik ýörişiń depginini gowşatmajakdygyny 77 millionyń jebisliginiń we bitewiliginiń ýola goýuljakdygyny aýtdy.
Erdogan çykyşyndan soń Abdulla Güle Prezidentiń tugrasy bilen Döwletiń Abraý medalyny gowşurdy.
Dabaradan soń Gül maşgalasy Çankaýa köşgünden harby dabara bilen ugradyldy.
Prezident Erdogan bilen aýaly Emine Erdogan zala baryp myhýmanlaryń gutlaglaryny kabul etdi.

Dabara 15 ýurduň Prezidenti, 6 ýurduň Mejlisiniň başlygy, 12 ýurduň Premýer ministri, 3 ýurduň Wise-prezidenti, 7 ýurduň Wise-premýeri, 40-a golaý ýurdun ministri we 9 halkara guramanyň wekili gatnaşdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar