Çankaýa köşgünde Erdogan döwri başlady

Türkiýe Respublikasynyň 12-nji Prezidentligine saýlanan Erdogan wezipäni Abdulla Gülden kabul edip aldy

107326
Çankaýa köşgünde Erdogan döwri başlady


Çankaýa köşgünde R. T. Erdogan döwri başlady.
Türkiýe Respublikasynyň 12-nji Prezidentligine saýlanan Erdogan wezipäni Abdulla Gülden kabul edip aldy.
Erdogan düýn ilki Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisinde kasam etdi.
Kasam edişlik dabarasyndan soň Prezidentiň tugrasy baýdak diňine asyldy
Edil şol sagatlarda Stambulda, İzmirde, Malatýada we Erzinjanda 101 gezek top oky atyldy.
Erdogan Mejlisden soň Atatürkiň kümmetine bardy.
Prezident Erdogan Beýik Baştutan Mustafa Kemal Atatürküň kümmetine gül desselerini goýdy we ýatlama sözlerini ýazdy.
Erdogan soň bolsa 11-nji Prezident Abdulla Gülden wezipäni kabul edip almak üçin Çankaýa köşgüne bardy.
Erdogan bilen aýaly Emine Erdogan köşkde taryhdaky 16 türk döwletine wekilçilik edýän baýdaklar bilen Türk baýdagyny göterýän atly goşun tarapyndan garşylandy.
Erdogan maşgalasy dabaranyň geçirilýän meýdançasynda 11-nji Prezident Abdulla Gül we aýaly tarapyndan garşylandy.
12-nji Prezident Erdogan garşylama dabarasyndan soň Çankaýa köşgüniň uly zalynda geçirlen dabarada wezipäni 11-nji Prezident Gülden kabul edip aldy.
Dabara 15 ýurduň Prezidenti, 6 ýurduň Mejlisiniň başlýgý, 12 ýurduň Premýer ministri, 3 ýurduň Wise-prezidenti, 7 ýurduň Wise-premýeri, 40-a golaý ýurdun ministri we 9 halkara guramanýň wekili gatnaşdý.
Dabaradan soň Prezident Erdogan bilen aýaly Gül maşgalasyny harby dabara bilen ugratdy.
Erdogan maşgalasy soň bolsa dabara gatnaşmak üçin gelen daşary ýurtly döwlet we hökümet baştutanlarynyň hormatyna banket we resmi agşam naharyny berdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar