Türkiýe nemes uçarlaryna gadagançylyk goýulmandygyny beýan etdi

Beýanatda metbugatda çykan habarlaryň hakykata laýyk däldigi nygtalýar

98473
Türkiýe nemes uçarlaryna gadagançylyk goýulmandygyny beýan etdi

Daşary işler ministrligi nemes uçarlarynyň İnjirlik harby howa bazasyndan peýdalanmagyna rugsat berilmeýändigi barasyndaky habarlaryň hakykata laýyk däldigini habar berdi.
Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Tanžu Bilgiç tarapyndan berilen beýanatda Demirgazyk Yrakdaky ýagdaý sebäpli sebite ynsanperwer kömek alyp gidýän uçarlaryň Türkiýänin howa giňişliginden geçmegine we howa menzillerine gonup-uçmaklary üçin edilen ýüz tutmalara gysga möhletde we oňyn jogap berilýändigi nygtaldy.
Beýanatda “Germaniýa salgylanylyp metbugatda berilen nemes uçarlarynyň İnjirlik bazasyny ulanmagyna rugsat berilmändigi baradaky habarlar hakykata laýyk gelmeýär” diýildi.
Beýanatda “Türkiýe sebite berýän giňgerimli ynsanperwer kömegi bilen birlikde halkara jemgyýetçiliginiň hem ynsanperwer kömegini ýetirmegini ýeňilleşdiriji hyzmatdaşlygyny dowam etdirer” diýilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar