Kameron we Sinping Erdogany gutlady

Dewid Kameron Türkiýäniň 12-nji Prezidentligine saýlanan Premýer ministr R. T. Erdogany gutlady

90485
Kameron we Sinping Erdogany gutlady


Britaniýanyň Premýer ministri Dewid Kameron Türkiýäniň 12-nji Prezidentligine saýlanan Premýer ministr R. T. Erdogany gutlady.
Premýer ministrlik tarapyndan berlen beýanatda Kameronyň Erdogana düýn telefon edendigi we täze wezipesi bilen gutlandygy nygtaldy.
Telefon söhbetdeşliginde iki lideriň Yrakda we Gazada başdan geçirilýän wakalar bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşandygy ýatladyldy.
Erdoganyň Kamerona minnetdarlygyny bildirendigi we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ähmiýetine ünsi çekendigi bellenildi.
Hytaýyň Döwlet başlygy Şi Sinping hem Türkliýe Respublikasynyň 12-nji Prezidentligine saýlanan Premýer ministr Erdogana gutlag ýüzlenmesini ugratdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar