Türkiýe Yraklylara ynsanperwer kömegini berýär

Türk Ýarym gyzylaý jemgyýeti tarapyndan 1400 adamyň ýaşaýan düşelgesinde ynsanperwer kömegi paýlandy

89326
Türkiýe Yraklylara ynsanperwer kömegini berýär

Türk Ýarym gyzylaý jemgyýeti Yraklylara ynsanperwer kömegini bermäge dowam edýär.
Yrak Damask Yslam Döwleti guramasy tarapyndan guralýan hüjümlerden gaçyp Yragyň Kürt Awtanomiýasyna sygynanlar Erbilden 20 kilometr alysda ýerleşýän Baherka düşelgesinde ýaşaýar.
Türk Ýarym gyzylaý jemgyýeti Yrakda hüjümleriň başlan aýy bolan iýun aýynyň başyndan bäri sebitdäki bosgunlara kömek bermäge dowam edýär.
Türk Ýarym gyzylaý jemgyýeti tarapyndan 1400 adamyň ýaşaýan düşelgesinde ynsanperwer kömegi paýlandy.
Türk Ýarym gyzylaý jemgyýetiniň ýolbaşçylaryndan Umyt Türkarslan 2 aýdan bäri Yraga ynsanperwer kömegini berýändiklerini aýtdy.
Ynsanperwer kömeginin paýlanmagyna goldaw beren Yrak Türkmen frontynyň halk deputaty Aýdyn Maruf Türkiýäniň hökümetine, türk halkyna we Türk Ýarym gyzylaý jemgyýetine minnetdarlygyny bildirdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar