Täze premýer ministr üçin geňeşmeler dowam edýär

Adalat we ösüş partiýasynda partiýanyň başlygyny we Premýer ministri bellemek üçin geňeşmeler dowam edýär

88355
Täze premýer ministr üçin geňeşmeler dowam edýär

Premýer ministr R.T. Erdogan penşenbe güni partiýanyň welaýat bölüminiň başlyklary bilen, anna güni bolsa halk deputatlary bilen duşuşar.
Preýer ministr R.T.Erdoganyň 12-nji prezidentlige saýlanmagyndan soň Adalat we ösüş partiýasynyň täze başlygynyň we premýer ministriň saýlanmagy partiýanyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugry.
27-nji awgustda geçiriljek nobatdan daşary gurultaýda ilki partiýanyň täze başlygy saýlanar.
28-nji awgustda wezipesine başlajak Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň täze başlygyna hökümeti gurmak üçin ygtyýar berer.
Gurultaýa çenli Adalat we ösüş partiýasynda geňeşmeler dowam eder.
Premýer ministr R.T.Erdogan geçirjek maslahatlarynda “Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň kim bolmagyny isleýärsiňiz” soragyny sorar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar