Taryhy saýlawa sanlyja sagat galdy

Türk halky ilkinji gezek ertir prezidentini saýlar

84564
Taryhy saýlawa sanlyja sagat galdy


Prezident ilkinji gezek ertir halk tarapyndan saýlanar.
Türkiýede ertir geçiriljek prezident saýlawynda bellige alynan 52 million 894 müň 115 saýlawçy, 165 müň 108 saýlaw merkezinde ses berer.
Saýlawda Adalat we Ösüş partiýasynyň dalaşgäri Premýer ministr R. T. Erdogan, Jemhuriýet Halk partiýasy bilen Milletçi Halk partiýasynyň dalaşgari Ekmeleddin İhsanogly we Halklaryň Demokratiýasy partiýasynyň dalaşgäri Selahattin Demirtaş bäsleşer.
Bu saýlawda ilkinji gezek saýlaw kagyzlarynyň ýüzünde dalaşgärleriň foto suratlary hem ýer alýar.
Ýokary saýlaw geňeşinde çekilen bijelere laýyklykda saýlaw kagyzynyň ýüzünde birinji ýerde Erdoganyň, ikinji ýerde Demirtaşyň, üçinji ýerde bolsa İhsanoglynyň suraty bar.
Daşary ýurtlarda ýaşaýan türk raýtlary tarapyndan berlen we uçarlar bilen Ankara getirlen sesler, Türkiýede sese goýulşygyň tamamlanmagyndan soň sanalmaga başlanar.
Saýlaw ir sagat 08.00-da başlar we 17-de tamamlanar.
Saýlawyň resmi bolmadyk netijeleri Ýokary saýlaw geňeşi tarapyndan 11-nji awgustda beýan ediler.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar