Dawutogly "Gazaly ýaralylar üçin howa köprüsini gurmak isleýäris"

Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly düýn hususy teleýaýlymlardan birinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglara jogap berdi

82245
Dawutogly "Gazaly ýaralylar üçin howa köprüsini gurmak isleýäris"

Türkiýäniň Gazadaky ýaralylaryň getirilmegi üçin howa köprüsini gurmak üçin taýarlyk görýändigini aýdan Dawutogly “Agyr ýaralylary getirmek üçin tiz kömek uçarlaryndan ybarat bolan howa köprüsini gurmak isleýäris” diýdi we mesele boýunça iki kynçylygyň bardygyny aýtdy.
Birinji kynçylygyň “Gazadaky ýaralylaryň howa menziline getirilmegi” bolandygyny nygtan Dawutogly, ikinji kynçylygyň “Müsüriň ýa-da Ysraýylyň howa menzilini açmaklary” bolandygyny nygtady.
Dawutogly degişli ýerler bilen gepleşikleriň dowam edýändigini belläp, howa köprüsi gurlup bilinmän halatynda sebitde göçme hassahananyň açylmagyny meýilleşdirýändiklerini we saglygy saklaýyş ministrliginden toparlaryň ugradyljakdygyny aýtdy.
Häzirki wagtda hüjümleriň bes edilmegi baradaky ylalaşygyň möhletiniň uzaldylmagy üçin gepleşikleriň dowam edýändigini nygtan Dawutogly, Gazada agyz suwunyň we elektrik togunyň ýetmezçilik edýändigine ünsleri çekdi.
Dawutogly 2009-njy we 2012-nji ýyllardaky Hamas bilen Ysraýylyň arasyndaky uruşlarda-da mesele bilen ýakyndan gyzyklanandygyny nygtap “Ysraýylyň iň agyr ýitgi çeken, halkara derejesinde abraýyny ýitiren we öz içinde iň agyr trawma döreden urşy şu uruş boldy” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar