Sesler Türkiýä getirildi

Daşary ýurtlarda ýaşaýan türk raýatlary tarapyndan berlen sesler ýörite uçar bilen Ankara getirildi

80893
Sesler Türkiýä getirildi

Prezident saýlawy üçin daşary ýurtlarda ýaşaýan türk raýatlary tarapyndan berlen sesler ýörite uçar bilen Ankara getirildi.
Ankaranyň Esenboga howa menzilinde ýolbaşçylar tarapyndan kabul edilip alynan sesler polis kerweniniň ýoldaşlyk etmeginde konteýnerler bilen Ankaranyň Söwda palatasynyň merkezine jaýyna getirlip ýörite ammarlara ýerleşdirildi.
Sesler 10-njy awgusta çenli şol ýerde saklanar we Türkiýede ses berilşigiň tamamlanmagy bilen sanalmaga başlanar.
Daşary ýurtda ýaşaýan 2 million 783 müň 660 saýlawçy 54 ýurtda 103 merkezde ses berdi.
Daşary ýurt saýlaw geňeşiniň başlygy Mehlika Aýta daşary ýurtdan getirlen sesleriň saklanmagy üçin Ýokary saýlaw geňeşi tarapyndan berk çäre görlendigini aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar