Türk raýatlary ses bermäge başlady

Prezident saýlawy üçin türk raýatlary 54 ýurtda ses berer

75211
Türk raýatlary ses bermäge başlady

Dünýäniň çar tarapynda ýaşaýan türk raýatlary ses bermäge başlady.
Prezident saýlawy üçin türk raýatlary 54 ýurtda 102 merkezde ses berer.
Daşary ýurtlarda ýaşaýan türk raýatlaryna ilkinji gezek prezidentini saýlamak üçin ýaşaýan ýurtlarynda ses bermek mümkinçiligi döredildi we prezident saýlawynda ilkinji ses Awstralýada berildi.
Daşary ýurtlarda ýaşaýan 2 million 790 müň saýlawçy käbir ýurtda 3-nji awgusta çenli ses berip biler.
Şol güne çenli ses berip bilmedik saýlawçylar bolsa 10-njy awgusta çenli gümrük geçelgelerinde hem ses berip biler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar