Erdogan Ysraýyla Gazadan çekilmegi çagyryşyny berdi

Erdogan BMG-nyň öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirmeýandigine ünsi çekdi

131557
Erdogan Ysraýyla Gazadan çekilmegi çagyryşyny berdi

Prezidentlige dalaşgär we Premýer ministr R. T. Erdogan daşary ýurtlylaryň Türkiýedäki baş ilçilerine agzaçar berdi.
Premýer ministr Erdogan agzaçarda eden çykyşynda Remezan aýynyň Yslam dünýäsi bilen birlikde ähli adamzat üçin asudalyk, parahatçylyk we bereket getirmegini arzuw etdi.
Remezen aýynda Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleri hakynda durup geçen Erdogan Ysraýyla Gazadan çekilmegi çagyryşyny berdi.
Gaza hüjümlerinden soň eline anyk sanlaryň gelip gowşandygyny aýdan Erdogan şol sanlar hakynda baş ilçilere maglumat berdi we “Ysraýylyň şol hereketlerini eýsem biz ynsan hökmünde haýsy dinden we messepden bolandygymyza garamazdan nähili düşündireris” diýdi.
Halkara jemgyýetçiligini Gaza goldaw bermäge çagyran Premýer ministr Erdogan, BMG-nyň öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirmeýandigine ünsi çekdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar